Hytaýda ýer titremeleri boldy

Ýer titremelerinde ilkinji kesgitlemelere görä 13 adam ýogaldy

786335
Hytaýda ýer titremeleri boldy

Hytaýyň günorta-günbatarynda bolan 7 bal ululygynda ýer titremesinde ilkinji kesgitlemelere görä 13 adam ýogaldy.

Syçuan welaýatyndaky ýer titremesinde şeýle hem 175 adam ýaralandy.

Şinhua agentliginiň berýän habaryna görä Syçuanyň Jiujaýgou sebitiniň merkezinde düýn ýerli wagt bilen sagat 21:19-da bolan ýer titremesi ýeriň 20 km aşagynda emele geldi.

Gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýän ýerinde köp sanda binanyň ýumrulandygy we aglabasyna zeper ýetendigi habar berildi.

Uly şaglawuklary we karsta ýerleri bilen meşhurlyk gaznan milli park Jiuzai jülgesiniň içinde ýerleşýän Jiujaýgou welaýaty ýurdyň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri hasaplanýar.

Beýleki tarapdan Jiujaýgou welaýatyna 3 müň kilometr uzakda bolan Sinjan Uýgur Awtonomiýasynda şu gün irden 6,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Ýeriň 11 km aşagynda emele gelendigi aýdylýan ýer titremesi Jinghe welaýatynda hem duýuldy.



Degişli Habarlar