“Russiýa garşylyk görkezeris”

Tillerson nähli ýagdaýda garşylyk görkezmek isleýändiklerini bolsa 1-nji sentýabra çenli kesgitlejekdiklerini mälim etdi

785020
“Russiýa garşylyk görkezeris”

Amerikanyň Döwlet sekretary Reks Tillerson Kremliň ABŞ-nyň Russiýadaky diplomatik wekilhanalarda işleýän adamlaryň sanyny 755 adam azaltmak bilen baglanşykly karara garşylyk görkezmek isleýändiklerini habar berdi.

Tillerson nähli ýagdaýda garşylyk görkezmek isleýändiklerini bolsa 1-nji sentýabra çenli kesgitlejekdiklerini mälim etdi.

Reks Tillerson Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Filippinleriň paýtagty Manilada geçirilen ASEAN maslahatynyň çäginde geçiren duşuşygynda Kremliň ABŞ-nyň Russiýadaky amerikaly 755 diplomatyň öýlerine iberilmegi bilen baglanşykly karary barada soraglar berendigini habar berdi.



Degişli Habarlar