Eýranyň hökümeti ABŞ-a nägilelik bildirdi

Kongresde we Senatda geçen hepde tassyklanan embargolar Eýranyň ballistik raketa programasyna we terror guramalaryna berýän goldawlaryna esaslanýar

782821
Eýranyň hökümeti ABŞ-a nägilelik bildirdi

Eýran Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň tassyklamagy bilen güýje giren embargolaryň 2015-nji ýylda gazanylan ýadro ylalaşygyna ters gelýändigini habar berdi.

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Arakçi mesele bilen baglanşykly ISNA habarlar agentligine beren beýanatynda: “Biziň pikirimizçe ýadro ylalaşygyň düzgünleri bozuldy. Meselä garşy dogry we proporsional reaksiýa bildireris” diýdi.

Kongresde we Senatda geçen hepde tassyklanan embargolar Eýranyň ballistik raketa programasyna we terror guramalaryna berýän goldawlaryna esaslanýar.

ABŞ-nyň Daşary işler ministrligi embargolaryň eýranly 18 gurama ýa-da şahsyýete ýaramaz täsir ýetirjekdigini habar beripdi.


Etiketkalar: #Kongres , #Senat , #ABŞ , #embargo , #Eýran

Degişli Habarlar