Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy Ysraýyly ýazgardy

Stambulda geçirlen Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Ýerine ýetirijiler komiteti Ysraýylyň soňky günlerdäki meçew beriji hereketlerini berk ýazgardy

781948
Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy Ysraýyly ýazgardy

Harem-i Şerifde başdan geçirilýän wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkiýäniň çagyryşyna laýyklykda adatdan daşary jemlenişen Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Ýerine ýetirijiler komitetiniň maslahatynyň jemleýji jarnamasynda İýerusalymyň asyrlaryň dowamynda ähli dinlere hoş niýetli çemeleşendigi nygtaldy.

Jarnamada Aksa metijidiniň Musulmanlaryň ilkinji kyblasydygyna we keramatly üç metjitden biridigine üns çekildi.

Jarnamada musulman ummaty üçin mukaddes bilen İýerusalymyň Ysraýyl tarapyndan abanýan ähli howplara garşy goraljakdygy bellenildi.

Jarnamada şeýle hem “Aksa metjidiniň ýapylmagyny, palestinaly musulmanlaryň we hristianlaryň ybadat azatlygynyň çäklendirilmegini, Ysraýylyň soňky günlerdäki meçew beriji hereketlerini berk ýazgarýarys” diýildi.

 



Degişli Habarlar