Ýemende ençeme million okuwçy täze okuw ýylynda mekdeplere gidip bilmezler

Ýemende mugallymlaryň 1 ýyllyk aýlyklary tölenmese takmynan 4,5 million okuwçy täze okuw ýylynda mekdeplere gidip bilmezler

781314
Ýemende ençeme million okuwçy täze okuw ýylynda mekdeplere gidip bilmezler

BMG-nyň Çagalara Ýardam gaznasy (UNICEF) Ýemende işgärleriň aýlyk haklarynyň tölenmän halatynda takmynan 4,5 million okuwçynyň bilim alan ençeme mekdebiniň täze okuw ýylynda gapylaryny açyp bilmejekdigini duýdurdy.

Ýemende hökümede garşy bolan Husileriň gözegçiligi astyndaky ýerlerdäki girdeji çeşmelerini öz ellerine geçirmekleri sebäpli Bilim ministrligine degişli işgärleriň we mugallymlaryň geçen ýylyň ahyryndan bäri aýlyklaryny alyp bilmeýändikleri habar berildi.

Paýtagt Sanadaky Bilim-ylym arkalaşygy mugallymlaryň eýýäm 9 aý bäri aýlyksyz işleýändiklerine ünsleri çekip, bilim ugrunda işleýän adamlara işlerini taşlamaklary üçin çagyryş berdi.

Ýemende eýýäm 2 ýyl bäri Husiler bilen olara goldaw berýän ýurdyň ozalky Prezidenti Ali Abdullah Salihiň tarapdarlary bilen ýurdyň häzirki hökümetiniň arasynda çaknyşyklar bolýar.



Degişli Habarlar