Pakistanly parlamentarlar sişenbe güni täze premýer ministri saýlarlar

Ýurduň Premýer ministri Nawaz Şerif Ýokary kazyýet tarapyndan galplyk edenligi sebäpli wezipeden boşadylypdy

780385
Pakistanly parlamentarlar sişenbe güni täze premýer ministri saýlarlar

Ýurduň täze premýer ministri boljakdygy beýan edilen Penjap welaýatynyň Premýer ministri Şahbaz Şerif Milli mejlisiň deputatlygyna saýlanýança häkimiýet başyndaky Pakistanyň musulmanlar bileleşigi-Nawaz partiýasynyň Nebit we tebigy serişdeler ministri Şahid Hakan Abbasynyň premýer ministriň wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetirmegine garaşylýar.

Täze premýer ministriň we wagtlaýyn premýre ministriň 342 agzaly Milli mejlisde koalision hyzmatdaşlary bilen 209 kürsini eýeleýän Pakistanyň musulmanlar bileleşigi-Nawaz partiýasyndan saýlanmagyna garaşylýar.

Şahbaz Şerifiň Penjap welaýatynyň Premýer ministrligi wezipesinden çekilenden soň azyndan 45 günüň dowamynda mejlis tarapyndan saýlanyp, premýer ministr bolmagy meýilleşdirilýär.

Nawaz Şerifden boşan kürsi üçin araky seçimiň sentýabr aýynyň başynda geçirilmegi nazarda tutulýar.

 



Degişli Habarlar