ABŞ-niň Senaty Russiýa, Eýrana we Demirgazyk Koreýa garşy embargo goýulmagyny tassyklady

ABŞ-niň Senaty Russiýa, Eýrana we Demirgazyk Koreýa garşy embargolary öz düzüminde jemleýän karary 2 garşy sese garşy 98 ses bilen kabul etdi

779240
ABŞ-niň Senaty Russiýa, Eýrana we Demirgazyk Koreýa garşy embargo goýulmagyny tassyklady

Karar Prezident Donald Trampyň tassyklamagyna hödürlener.

Prezident Trampyň ozal garşy bolan karary weto edip-etmejekdigi her kim tarapyndan gyzyklanylýar.

Karar Russiýa Ukrainadaky hereketleri bilen baglynşykly, Eýrana ýadro we ballistik raketa programalary bilen baglanşykly, Demirgazyk Koreýa bolsa adam hukuklaryny basgylamagy bilen baglanşykly kabul edildi.

Beýleki tarapdan bolsa embrgo goýan ýurtlar ABŞ-e garşy nägileliklerini bildirmäge başladylar.

Demirgazyk Koreýa we Eýrandan soň düýn bolsa Russiýa mesele bilen bagly beýanat berdi.

Russiýanyň lideri Wladimir Putin: “Russiýa garşy edepsizliklere köp wagtlap çydam edip bilmeris” diýdi.

Resmi sapar bilen Finlýandiýa baran rus lider: “Bikanun embargolar bilen rus diplomatlary ABŞ-den çykarylyp we rus diplomatik emläkleri ele geçirilip Moskwa eýýäm ençeme wagt bäri öjükdirilýär” diýip belledi.

Putin: “Bilişiňiz ýaly Russiýa embargolar babatynda sabyrly bolýar. Emma jogap berjek wagtymyz hem gelip ýeter” diýdi.

ABŞ tarapyndan kabul edilen embargolara ÝB hem garşy çykýar.



Degişli Habarlar