Kataryň Daşary işler ministri ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

Kataryň Daşary işler ministri Şeýh Muhammed Bin Abdurrahman Al Sani Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Pars aýlagy krizisiniň parahatçylykly ýollar bilen çözülmegini goldaýandygyny habar berdi

778529
Kataryň Daşary işler ministri ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

Al Sani amerikaly kärdeşi Reks Tillerson bilen Waşingtonda geçiren duşuşygyndan soň merkezi ofisi Katarda ýerleşýän Al Jazeera telewideniýesine beýanat berdi.

Kataryň ministri Al Sani Tillerson bilen krizisiň çözüwi babatynda ABŞ-niň orta atan tekliplerini ara alyp maslahatlaşandyklaryny mälim etdi.

Al Sani embargo goýan ýurtlaryň ABŞ-niň tekliplerine garşy entek jogap bermändiklerini bellän hem bolsa teklibiň jikme-jikligi barada maglumat bermedi.

Al Sani ABŞ-niň krizisiň çözülmegini isleýändigini we parahatçylykly çözgüde goldaw berýändigini belledi.

Katar bilen käbir Arap ýurtlaryň arasyndaky krizis 5-nji iýunda Saud Arabystany, Müsür, BAE we Bahreýn hökümetleriniň Katar bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesmegi bilen başlapdy.



Degişli Habarlar