Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Hüjümleriň jogapkärçiligini Taliban öz üstüne aldy

Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

 

Owganystanyň Kandagar welaýatynyň Hakriz etrabynda Talibanly başbozarlar tarapyndan agyr ýaraglar bilen harby baza guralan hüjümde 33 esger ýogaldy.

Adynyň beýan edilmeziligini islän Howpsyzlyk gullugynyň Kandagardaky resmisi Anadaoly habarlar gullugyna Talibanlylaryň etrapdaky harby baza agyr ýaraglar bilen guran hüjüminde 33 esgeriň ýogalandygyny habar berdi.

Hüjümde şeýle hem 4 esgeriň ýaralanandygyny aýdan resmi 20-den gowrak esgerden bolsa habar alyp bolmaýandygyny mälim etdi.

Wakanyň dogrulygyny tassyklan ýurdyň Goranmak ministrligi wakada 26 esgeriň ýogalandygyny, 30 esgeriň bolsa ýaralanandygyny habar berdi.

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolsa hüjümde 74 esgeriň öldürilendigini, 6 esgeriň bolsa zamun alynandygyny mälim edildi.

Beýleki tarapdan bolsa ýurdyň Farah welaýatynyň Şibe Koh etrabynyň häkimi Abdurahim Haýdari resmi ulagynyň nyşana alynyp guralan hüjümde ýogaldy.

Farah welaýatynyň häkimliginiň metbugat geňeşçisi Naser Mehri Şibe Koh etrabynyň Durjujan diýilen ýerinde ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň Abdurahim Haýdariniň ulagynyň geçýän mahaly partladylandygyny habar berdi.

Hüjümiň Haýdariniň polisiýa bölümini gözegçilik etmek üçin ýola çykan mahaly guralandygyny aýdan Mehri partlamada şeýle hem häkimiň 5 goragçysynyň hem ýogalandygyny belledi.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini hem Taliban öz üstüne aldy.



Degişli Habarlar