ABŞ Eýrana, Russiýa we Demirgazyk Koreýa garşy täze sanksiýalar girizer

Amerikan Kongresinde respublikançylar we demokratlar Eýrana, Russiýa we Demirgazyk Koreýa garşy täze sanksiýalaryň girizilmegi babatynda ylalaşyk gazandylar

776214
ABŞ Eýrana, Russiýa we Demirgazyk Koreýa garşy täze sanksiýalar girizer

Kongresdäki iki partiýa mundan başgada Russiýa garşy girizilen sanksiýalaryň aýrylmazlygy üçin Prezident Donald Trampyň ygtyýarynyň çäklendirilmegi bilen baglanşykly teklip babatynda hem ylalaşyga geldiler.

Teklip güýje girmeginden soň Tramp Kongres tassyklamadan Moskwa garşy girizilen sanksiýalary aýyryp ýa-da gowşadyp bilmez.

Donald Trampyň bolsa teklibi weto etmäge ygtyýary bar.

Kanun taslamasynyň şu gün Kongresde ara alyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar