Eýranda suw meselesi 1 adamyň ýogalmagyna, 12 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy

Çaknyşykda 1 adam ýogaldy, 5-i polis gullukçysy bolmak bilen 12 adam ýaralandy

772746
Eýranda suw meselesi 1 adamyň ýogalmagyna, 12 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy

Eýranyň İsna habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Eýranyň Horasan welaýatynyň Çagataý etrabynda howpsyzlyk güýçleri bilen obalylaryň arasynda bolan çaknyşykda 1 adam ýogaldy, azyndan 12 adam ýaralandy.

Eýranyň Suw işleri edarasynyň obanyň suwyny başga oba akdyrmak maksady bilen guýy gazmaga başlamagyna obalylar garlyşyk görkezdi.

Waka sebäpli oba gelen howpsyzlyk güýçleri bilen obalylaryň arasynda çaknyşyk boldy.

Çaknyşykda 1 adam ýogaldy, 5-i polis gullukçysy bolmak bilen 12 adam ýaralandy.

Eýranda ýerli ýolbaşçylar bilen obalylaryň arasyndaky suw söweşi birnäçe ýyl ozal möwjemäge başlady.

Eýranly ykdysadyýetçi Mohsen Renani hökümeti suw krizisini gizlemek bilen aýyplady we birnäçe ýylyň içinde ýurtda suw söweşleriniň artyp biljekdigini nygtady.

 



Degişli Habarlar