Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy agdarlyşyk synanşygyny ýene-de bir gezek ýazgardy

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni mynasibetli türk halkyna arkalaşyk ýüzlenmesini ugratdy

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy agdarlyşyk synanşygyny ýene-de bir gezek ýazgardy

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasyndan berlen beýanatda geçen ýyl başdan geçirlen agdarlyşyk synanşygynyň ýene-de bir gezek berk ýazgarylýandygy nygtaldy.

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Ýusuf Al Useýmin hem Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler geňeşiniň 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda geçirlen maslahatynda kabul edilen karary ýatlatdy.

Useýmin türk hökümetiniň we halkynyň ýurtda başdan geçirilýän ähli kynçylyklara garşy alyp barýan göreşinde rowaçlyk arzuw etdi.

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler geňeşiniň 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda geçirlen maslahatynda Fetullahçy terror guramasy FETÖ terror guramasy hökmünde yglan edilipdi we Yslam Hyzmatdaşlyk guramasyna agza döwletlere terrora garşy göreş çagyrşy berlipdi we FETÖ-niň agdarlyşyk synanşygy berk ýazgarlypdy.



Degişli Habarlar