NATO-nyň "Tobruk Mirasy 2017" türgenleşigi başlady

NATO-nyň "Tobruk Mirasy 2017" harby türgenleşigi Baltika sebitinde 5 agzanyň gatnaşmagynda başlady

768770
NATO-nyň "Tobruk Mirasy 2017" türgenleşigi başlady

Harby türgenleşige NATO agza bolan ABŞ, Latwiýa, Litwa, Britaniýa we Polşa gatnaşyp, türgenleşikde şol ýurtlaryň howa goranyş ulgamlary ulanylýar.

Litwanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda türgenleşigiň çäginde sebite ilkinji gezek uzak aralykly Patriot raketalarynyň ýerleşdirilendigi mälim edildi.

Russiýanyň Baltika flotynyň ýerleşýän ýeri bolan Kaliningrad bilen serhetdeş bolan Litwanyň resmi Moskwanyň sebitdäki harby güýjüne alada bildirýändigi ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar