ABŞ Ysraýylyň täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy hakyndaky kararyna garşy

Nauert şeýle hem Siriýa meselesinde Russiýa bilen hyzmatdaşlyk edip biljekdiklerini belledi

766481
ABŞ Ysraýylyň täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy hakyndaky kararyna garşy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Nauret Ysraýylyň täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy hakyndaky kararynyň parahatçylyga böwet bolup biljekdigini aýtdy.

Nauert gündelik metbugat ýygnagynda Ysraýylyň täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy hakyndaky karary, Katar bilen käbir arap ýurtlarynyň arasyndaky krizis we Siriýadaky soňky wakalar barasyndaky soraglara jogap berdi.

Nauert Ysraýylyň kabul eden soňky kararynyň nädogrydygyny nygtady we “Täze ýaşaýyş jaýlary parahatçylyga böwet bolup biler. Prezident Trampyň bu meseledäki tutumy özgermedi. Serhetleri kesgitledilmedik ýerde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň dowam etmegi parahatçylyk etabyna ýaramaz täsirini ýetirýär”diýdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi ABŞ-nyň Katar bilen käbir arap ýurtlarynyň arasynda dowam edýän krizisiň çözülmegi üçin tagalla edýändigini aýtdy.

“Katar bilen Pars aýlag hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň arasynda dowam edýän krizise alada bildirýäris” diýen geňeşçi krizisiň birnäçe hepde ýada birnäçe aý dowam edip biljekdigini we degişli ýurtlar bilen aragatnaşyk saklamaga dowam etjekdiklerini ýatlatdy.

Nauert Siriýa meselesinde Russiýa bilen hyzmatdaşlyk edip biljekdiklerini belledi.

 



Degişli Habarlar