ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillerson Türkiýede saparda bolar

ABŞ-nyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda Tillersonyň 9-10-njy iýylda Stambula gelip, ýokary derejeli türk resmiler bilen duşuşjakdygy mälim edildi

765525
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillerson Türkiýede saparda bolar

Beýanatda Reks Tillersonyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň Germaniýada geçiriljek G-20 maslahatyna ýoldaşlyk etjekdigi, ondan soň bolsa 9-njy iýulda Ukrainanyň paýtagty Kiýewe baryp ýurdyň Prezidenti Petro Poroşenko bilen duşuşjakdygy habar berildi.

Beýanatda Kiýewe gurajak saparyndan soň Tillersonyň Stambula geljekdigi we 9-10-njy iýul aralygynda ol ýerde türk resmiler bilen ikiçäk we sebitleýin gepleşikleri ele aljakdygy bellendi.

Soňky gezek 30-njy martda Ankara sapar guran Reks Tillersonyň bu saparynda terror guramasy PÝD/PKK-nyň Siriýadaky hereketleri, Fetullahçy terror guramasynyň lideri Fetullah Güleniň yzyna Türkiýä gaýtarylyp berilmegi we Katar bilen käbir Arap ýurtlaryň arasyndaky krizisiň çözgüdi bilen bagly meseleleriň ele alynmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar