ÝB Ýemene holera garşy göreş üçin goşmaça kömek berer
ÝB Komissiýasynyň 2017-nji ýylda Ýemene beren jemi kömegi 121, 7 million ýewro barabar bolar
ÝB Ýemene holera garşy göreş üçin goşmaça kömek berer.
ÝB Komissiýasyndan berlen ýazmaça beýanatda Ýemendäki adamzat pajygasynyň öňüni almak üçin 5 million ýewrolyk goşmaça kömegiň beriljekdigi nygtaldy.
Soňky kömek bilen birlikde ÝB Komissiýasynyň 2017-nji ýylda Ýemene beren jemi kömegi 121, 7 million ýewro barabar bolar.
Beýleki tarapdan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň soňky habarnamasyna görä, Ýemende holera sebäpli aprel aýyndan bäri 1233 adam ýogaldy.
Ýemende iki ýyldan bäri dowam edýän çaknyşyklar sebäpli öýlerini terk eden 3 milliona golaý adam arassa agyz suwyndan mahrum we şol adamlara holera ýolukmak howpy abanýar.
Degişli Habarlar
Pakistanda Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy
Sil we ýyldyrym çakmagy sebäpli ýogalanlaryň sany 63 adama ýetdi.