Russiýa ABŞ-dan jogaba garaşýar

Lawrow fransuz kärdeşi Žan-Iw Le Drian bilen Moskwada metbugat ýygnagyny geçirdi

756730
Russiýa ABŞ-dan jogaba garaşýar

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Siriýanyň hökümetine degişli harby uçaryň urulyp, ýere gaçyrylmagy bilen baglanşykly Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan beýanata garaşýandyklaryny mälim etdi.

Lawrow fransuz kärdeşi Žan-Iw Le Drian bilen Moskwada metbugat ýygnagyny geçirdi.

Lawrowyň gün tertibinde ABŞ-nyň Siriýada Asada bagly güýçlere degişli harby uçaryň ýere gaçyrylmagy bardy.

Russiýanyň Daşary işler ministri bu babatda resmi Waşingtondan beýanata garaşýandyklaryny habar berdi.

Lawrow Siriýada ähli taraplaryň diňe umumy maksat bolan terrora garşy göreşe gönükmelidigini belledi.

Siriýanyň hökümetine degişli uçaryň od açylyp, ýere gaçyrylmagyndan soň Russiýa ABŞ bilen bolan howa howpsyzlygy ylalaşygyny wagtlaýyn bes edipdi.



Degişli Habarlar