Pişikleriň eldekileşdirilmegine näçe wagt boldy?
Pişikleriň eldekileşdirilmeginiň takmynan 9 müň ýyl ozal Ýakyn Gündogarda başlandygy orta çykdy
756541
BBC tarapyndan berilen habara görä halkara alymlar Wiking mazary, Müsür mumiasy we Daş döwri sebitlerindäki 200-den gowrak pişikden alan DNK nusgalaryndan ýola çykyp, Ýakyn Gündogarda we Müsürde eldekileşdirilen pişikleriň ilkinjileriniň 9 müň ýyl ozal gabat gelinendigini anyklady.
DNK nusgalarynyň analiz edilmegi bilen pişikleriň ilkinji ekerançylygyň başlan ýeri bolan Ýakyn Gündogarda 9 müň ýyl ozal eledekileşdirilendigi aýan boldy.
Pişikler birnäçe müň ýyl soň bolsa Müsürde eldekileşdirildi.
Rim zamanynda Ýewropa ýaýran pişikler Wikingler zamanasynda bolsa has hem uzak ýerlere ýaýrady.
Wikingleriň portynda tapylan DNK-laryň pişikleriň Demirgazyk Ýewropa deňiz ýollary arkalygelendigi anyklandy.