Ortaýer deňizinde ýene-de bir bosgun heläkçiligi boldy...

Liwiýadan Italiýa tarap ýola çykan adamlardan doly gaýyk ýolda batdy

756083
Ortaýer deňizinde ýene-de bir bosgun heläkçiligi boldy...

Gaýykdaky 130-a golaý adamyň 126-sy suwda gark bolup ýogaldy. 4 adam bolsa golaýdaky balykçylar tarapyndan halas edildi.

Balkan ýolunyň ýapylmagyndan soň Ýewropa gitmek isleýän bosgunlar ozalky ýaly Egeý deňizini dälde, Ortaýer deňizini ulanmaga başladylar.

Millionlarça adam Ýewropa ýurtlaryna barmak üçin ýola çykýan hem bolsalar, käbirleri ýolda ýogalýarlar.

2017-nji ýylda ýolagçylykda ýogalan adamlaryň sany 1800-den hem geçdi.



Degişli Habarlar