“ABŞ Siriýanyň razylygy bolmadan bir taraplaýyn ýagdaýda edilýän hereketlerden gaça durmaly”

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna Siriýanyň razylygy bolmadan bir taraplaýyn ýagdaýda edilýän hereketlerden gaça durmak barada çagyryş berdi

755371
“ABŞ Siriýanyň razylygy bolmadan bir taraplaýyn ýagdaýda edilýän hereketlerden gaça durmaly”

Sergeý Lawrow ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleriň Rakkada Siriýanyň hökümetine degişli uçara hüjüm gurap, ýere gaçyrmagy bilen baglanşykly beýanat berdi.

Hytaýyň paýtagty Pekinde BRIKS-e agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň çäginde geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş eden Lawrow: “Siriýada başdan geçirilýän wakalar barada gürrüňdeş bolmak isleýän bolsak Siriýanyň garaşsyzlygyna we territorial bütewiligne sarpa goýulmaly. Gury ýerdäki islendik hereket üçin resmi Damaskdan rugsat alynmaly” diýdi.

Russiýanyň, Eýranyň we Türkiýäniň Astana gepleşikleriniň çäginde kabul edilen teklipleriň hem Siriýanyň hökümeti bilen ylalaşandyklaryny aýdan Lawrow: “Ähli taraplar şolar ýaly hereket etmeli. Siriýadaky howpsyz zolaklar öňe gidişlik etmek üçin bolup biljek ýollaryň biri. ABŞ-ny we Siriýada güýçleri we beýleki toparlary bolan taraplary hökümetiň razylygy bilen geçiren gepleşiklerimiz bilen sazlaşyk içinde bolmaga çagyrýarys” diýdi.



Degişli Habarlar