ABŞ Türkiýe bilen Russiýanyň ýakyn gatnaşyklaryndan binjalyk bolýar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillerson Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda soňky döwürde ýaňadandan başlan ýakyn gatnaşyklaryndan binjalyk bolýandyklaryny habar berdiler

753287
ABŞ Türkiýe bilen Russiýanyň ýakyn gatnaşyklaryndan binjalyk bolýar

Senatda çykyş eden Tillerson: “Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky ýakyn gatnaşykdan binjalykdyrys” diýdi.

Tillerson çykyşynda Türkiýe bilen gatnaşyklaryň hem ABŞ, hem-de Ýewropa we NATO üçin örän wajypdygyna ünsleri çekdi.

Amerikaly ministr Siriýadaky harby meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi babatynda Türkiýe bilen meňzeş garaýyşa eýe däldiklerini, emma ähli bu meseleleriň ara alynyp maslahatlaşylmaga dowam edýändigini belledi.

Reks Tillerson ozal ABŞ-nyň Döwlet sekretary wezipesine dalaşgär hökmünde Senatda eden çykyşynda ABŞ-nyň sebitdäki gowşaklygy sebäpli ýüze çykan Türk-rus gatnaşyklaryň uzak dowam etmejekdigini nygtapdy.



Degişli Habarlar