Progress emeli hemrasy uçuryldy...

Halkara emeli hemra bekedine iberilen ýükler ýolda

752743
Progress emeli hemrasy uçuryldy...

Takmynan 3 tonna tehiniki material daşaýan Progress emeli hemra bekedi Gazagystandaky Baýkonur kosmos bazasyndan uçuryldy.

Adamsyz emeli hemra halkara emeli hemra bekedinde iş alyp barýan astronawtlara we kosmonawtlara ýangyç, iýmit, suw we tehniki material alyp barýar.

Progress emeli hemrasynyň 2 gün soň halkara emeli hemra bekedine barmagyna garaşylýar.

Progress emeli hemralarynyň biri dekabr aýynda uçurylanyndan soň bölek-bölek boldy, fewral aýynda uçurylan emeli hemra bolsa üstünlikli ýagdaýda baryp ýetipdi.

 



Degişli Habarlar