Katar we ABŞ ylalaşyk gazandylar

Katar ABŞ-dan harby uçar satyn alar

753105
Katar we ABŞ ylalaşyk gazandylar

Katar 12 milliard dollar gymmadyndan F15 kysymly harby uçarlary satyn almak babatynda ABŞ bilen ylalaşyk gazandy.

Kataryň Goranmak minsitrliginden berilen beýanatda şertnama gol çekmek üçin Kataryň Goranmak ministri Halid Bin Muhammed Al Atiýa we ABŞ-nyň Goranmak ministri Jim Mattis paýtagt Waşingtonda duşuşyk geçirendikleri habar berildi.

Beýanatda “Şertnama Amerikanyň 42 ştatynda 60 müň adama iş ornuny döreder, sebite parahatçylyk we asudalyk getirer, ekstremizme garşy ýakyn strategik hyzmatdaşlyk  etmäge mümkinçilik döreder” diýildi.

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi mesele bilen baglanşykly beren beýanatynda bolsa: “Ylalaşyk Kataryň goranmagyna örän uly goşant goşar we ABŞ bilen Kataryň arasyndaky ikitaraplaýyn ynamy artdyrar” diýildi.

Ylalaşygyň käbir Arap ýurtlarynyň Katara garşy 5-nji iýunda başladan diplomatik we ykdysady basyşlardan soň gazanylandygy sebäpli ünsleri özüne çekýär.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Pars aýlagy ýurtlary krizisi bilen baglanşykly beren beýanatynda Katara basyş edýän ýurtlary goldapdy.

Tramp resmi Dohany terror guramalaryna kömek bermek bilen aýyplapdy.



Degişli Habarlar