Al Sani resmi Doha beren goldawlary üçin Türkiýä minnetdarlyk bildirdi

Daşary işler ministri Çawuşogly Pars aýlagyndaky krizisiň çözülmegi üçin başladan diplomatik saparynyň çäginde Katardan soň Kuweýde bardy

753002
Al Sani resmi Doha beren goldawlary üçin Türkiýä minnetdarlyk bildirdi

Kataryň Daşary işler ministri Şyh Muhammed Bin Abdurrahman Bin Jasym Al Sani käbir Arap ýurtlary tarapyndan ýurduna goýlan ykdysady we diplomatik embargolara garşy resmi Doha beren goldawlary üçin Türkiýä minnetdarlyk bildirýändiklerini aýtdy.

Al Sani sosial media arkaly 10 gün ozal Katara garşy başladylan embargolar hakynda “Bize goýlan embargolara garşy bize beren goldawlary üçin türk hökümetine we doganlyk türk halkyna minnetdarlyk bildirýäris” diýdi.

Katarda saparda bolan Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji Kataryň Emiri Şyh Temin Bin Hamad Al Sani we Daşary işler ministri Şyh Muhammed Bin Abdurrahman Bin Jasym Al Sani bilen duşuşypdy.

Daşary işler ministri Çawuşogly Pars aýlagyndaky krizisiň çözülmegi üçin başladan diplomatik saparynyň çäginde Katardan soň Kuweýde bardy.

Ministr Çawuşgoly Kuweýtden soň bolsa Mekkede Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziz bilen duşuşjakdygyny mälim etdi.

Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Bahreýin, Müsür we Ýemen 5-nji iýunda Katary “terrora goldaw bermekde aýyplady” we Katar bilen ähli diplomatik gatnaşyklaryny bes edipdi.



Degişli Habarlar