Germaniýanyň Mýunhen şäherinde ýaragly hüjüm guraldy

Hadysada köp sanda adam ýaralandy

751674
Germaniýanyň Mýunhen şäherinde ýaragly hüjüm guraldy

Germaniýanyň Mýunhen şäherindäki metro duralgasynda guralan ýaragly hüjümde köp sanda adam ýaralandy.

Mýunhen şäheriniň polisiýa gullugy wakanyň terror bilen arabaglanşygynyň ýokdygyny habar berdi.

Mýnhen polisi tarapyndan berilen beýanata görä hadysa metro duralgalarynyň birinde gözegçilik geçirilýärkä boldy.

Şübhe astynda bolan adamlaryň biri polisiýa gullugynyň işgäriniň ýaragyny alyp, töwerege od açmaga başlady.

Wakada ýaragy alan adam we polis işgäri hem ýaralandy.

Hüjümçiniň tussag edilendigi habar berildi.



Degişli Habarlar