ABŞ-nyň Kiýewdäki ilçihanasyna hüjüm guraldy

Hüjüm sebäpli ýaralanan ýa-da ýogalan adam ýok

748378
ABŞ-nyň Kiýewdäki ilçihanasyna hüjüm guraldy

Ukrainanyň paýtagty Kiýewde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçihanasyna partlaýjy madda bilen hüjüm guraldy.

Polisiýa gullugynyň resmisi ilçihananyň howlusyna elde ýasalan bombanyň zyňylandygyny habar berdi.

Hüjümde ýaralanan ýa-da ýogalan adam ýok. 

Terrorçylykly hüjüm hökmünde häsýetlendirilýän hadysa bilen baglanşykly derňew işini başladylandygy we jogapkärleriniň gözlenýändigi mälim edildi.

 



Degişli Habarlar