Siriýanyň Ýaragly güýçleri Rakkada 6 obany basyp aldy

Siriýanyň Ýaragly güýçleri Rakkada terror guramasy DAIŞ-den 6 obany basyp aldy

747636
Siriýanyň Ýaragly güýçleri Rakkada 6 obany basyp aldy

Şäheriň günbataryndaky Kirbat Muhsin, Kirbat Hassan, Bir Saba, El Tarkaki, El Salihiýe we Anz Bukadi obalary terror guramasyndan saplandy.

Ozal ABŞ-nyň öňbaşçylyk etmegindäki DAIŞ-e garşy koalisiýa düzüminde aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly  ÝPG hem bolan Demokratik Siriýa güýçleri bilen bileikde Rakkany terror guramasyndan basyp almak üçin operasiýa başladandyklaryny mälim etdi.

Rakkany 2014-nji ýylda basyp alan gurama ol şäheri paýtagt hökmünde yglan edipdi.


Etiketkalar: #Siriýa , #Rakka , #oba , #basyp almak

Degişli Habarlar