DAIŞ Mosulda uly gyrgynçylyk etdi

DAIŞ 1-nji iýunda Mosulda 163 adamy öldürdi

746989
DAIŞ Mosulda uly gyrgynçylyk etdi

 

BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary komisary Zeid Raad Al Hüseýin terror guramasy DAIŞ-iň 1-nji iýunda Mosulda 163 adamy öldürendigini mälim etdi.

Ýokary Komisar BMG-nyň Adam hukuklary geňeşiniň Ženewaky merkezinde beren beýanatynda asuda ilatyň şäherden gaçmaklarynyň öňüni almak üçin öldürlendigini aýtdy.

 Beýleki tarapdan BMG Mosulda 100 müň çaganyň howp astyndadygyny we DAIŞ-iň şol çagalary janly galkan hökmünde ulanýandygyny mälim etdi.

 

 



Degişli Habarlar