1-nji maýdan bäri Rakkadan 87,200 adam başga ýerlere göçmeli boldy

BMG-niň Siriýanyň Rakka welaýatynda galan 400 müň ilatyň howpsyzlygyna alada bildirýändigi habar berildi

747011
1-nji maýdan bäri Rakkadan 87,200 adam başga ýerlere göçmeli boldy

BMG-niň Ynsanperwer işler boýunça utgaşdyryjy ofisinden berilen beýannamada Rakkadaky şertleriň agyrdygy we halkyň esasy böleginiň gyssagly ynsanperwer islegleri kanagatlandyrmakda düýpli kynçylyklary başdan geçirýandigi nygtaldy.

Azyk we medisina enjamlarynyň azalandygy barada nygtalýan beýannamada, ABŞ-nyň öňbaşçylyk etmegindäki halkara hyzmatdaşlygynyň şähere guraýan gündelik howa hüjümleri bilen çaknyşyklarda zyýan çekýän 400 müň adamyň howpsyzlygyna uly alada bildirilýändigi aýdylýar.

BMG-niň beýannamasynda Siriýada gabaw astynda we barylmasy kyn bolan ýerlerdäki 4,5 million ilata şertsiz, bökdençsiz we yzgiderli ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin çagyryş edildi.

Beýannamada Halapda 37 müňe golaý, İdlibde 33,400, Hamada, Deýrizzordakylar we Homsdakylar bilen birlikde jemi 160 müňden gowrak ilatyň dogduk diýaryndan jyda düşendigi habar berildi.


Etiketkalar: #BMG , #Rakka , #operasiýa , #beýannama

Degişli Habarlar