Owganystanda bolan partlamada 7 adam ýogaldy

Owganystanyň Gerat şäherinde metjidiň we polis merkeziniň golaýynda bolan partlamada 7 adam ýogaldy, 16 adam hem ýaralandy

746924
Owganystanda bolan partlamada 7 adam ýogaldy

İçeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Nažib Daniş motora goýlan bombanyň metjidiň we polis merkeziniň golaýynda ýarylandygyny nygtady.

Ýaralananlardan käbiriniň ýagdaýynyň agyrdygy sebäpli ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.

Beýleki tarapdan paýtagt Kabulda geçen hepde  Wezir Ekber Han etrapçasynda guralan bombaly hüjümde ýogalanlaryň sany 150 adama ýetdi.

 



Degişli Habarlar