“ABŞ Katardan guraýan Yrakdaky, Siriýadaky we Owganystandaky operasiýalaryny dowam etdirýär”

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon Amerikan güýçleriniň Katardan  Owganystana, Yraga we Siriýa guraýan operasiýalarynda hiç hili bökdençligiň ýokdygyny mälim etdi

746677
“ABŞ Katardan guraýan Yrakdaky, Siriýadaky we Owganystandaky operasiýalaryny dowam etdirýär”

Pentagonyň metbugat geňeşçilerinden Adrian Rankine Gallowaý “Amerikan uçarlary Katardan guraýan Yrakdaky, Siriýadaky we Owganystandaky operasiýalaryny dowam etdirýär” diýdi.

Gallowaý sebitdäki ähli hyzmatdaşlaryna dartgynlygyň ortadan aýrylmagy we sebitiň howpsyzlygy üçin ylalaşyk çagyryşyny berdi.

Gallowaý “ABŞ we hyzmatdaşlarymyz operasiýalarymyza we sebitiň howpsyzlygyna berýän goldawlary sebäpli Katarlylara minnetdarlyk bildirýär”diýdi.

Pentagon Owganystandaky, Yrakdaky we Siriýadaky operasiýalarynyň bir bölegini Katardaky harby bazasyndan guraýar.

 



Degişli Habarlar