Russiýada tupan sebäpli 14 adam ýogaldy

Russiýanyň paýtagaty Moskwa şäherine öz täsirini ýetiren tupan sebäpli 14 adam ýogaldy

741824
Russiýada tupan sebäpli 14 adam ýogaldy

Russiýanyň Gyssagly ýagdaýlar ministrliginiň Tass habarlar gullugyna beren beýanatynda agşam has hem güýçlenen tupan sebäpli şeýle hem 150 adamyň ýaralanandygy habar berildi.

Tupan şäherde ýüzlerçe agajyň ýerinden gopmagyna we käbir öýleriň üçekleriniň uçmagyna sebäp bolup, tupan sebäpli şeýle hem ençeme ulaga zeper ýetdi.

Gopan agaçlar sebäpli käbir ýollar we metro liniýalary ýapyldy.

Moskwada 1998-nji ýylda bolan tupanda hem 11 adam ýogalypdy.
 


Etiketkalar: #Russiýa , #Moskwa , #tupan , #agaç , #ulag , #metro , #ýol

Degişli Habarlar