“Başgalaryna doly ynanyp biljek günlerimiz yzda galdy"

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel başga ýurtlara doly ynanýan döwürleriniň indi yzda galandygyny aýtdy

741185
“Başgalaryna doly ynanyp biljek günlerimiz yzda galdy"

Merkel Germaniýanyň Mýunhen şäherinde eden çykyşynda, ýewropalylaryň indi öz ykbalyny kesgitlemelidigini nygtady.

Angela Merkel “Başgalaryna doly ynanyp biljek günlerimiz yzda galdy. Muny soňky günlerde başdan geçirdim” diýdi.

Merkel ABŞ we Britaniýa bilen dostlukly gatnaşyklaryň dowam etjekdigini aýtdy.

Merkel “Emma biz Ýewropalylar hökmünde öz geljegimiz üçin, öz ykbalymyz üçin göreşmelidiris” diýdi.

Merkel, Ýewropa ýurtlaryna mümkin gadar goldaw bermäge dowam etjekdiklerini nygtady we “Ýewropa güýçli bolsa Germaniýa hem güýçli bolar” diýdi.



Degişli Habarlar