Amerikanyň Missisipi ştatynda ýaragly hüjüm guraldy

Hadysada jemi 8 adam ýogaldy

740995
Amerikanyň Missisipi ştatynda ýaragly hüjüm guraldy

Amerikanyň Missisipi ştatynda aralarynda şerifiň orunbasary hem bolan 8 adam ýaragly hüjüm arkaly öldürildi.

Missisipi ştatynyň Derňew býurosynyň metbugat geňeşçisi Warren Strain şenbe güni agşam 3 aýry öýde ýaragly hüjümiň guralandygyny habar berdi.

Strain ýaragly hüjümlerde aralarynda şerifiň orunbasary hem bolan 8 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Korbi Godbolt atly hüjümçi bolsa göz tussaglygyna alyndy.

Godbolt tussag edileninden soň ýerli media beren beýanatynda gynanýandygyny we eden etmişlerinden soň ýaşamaga laýyk däldigini belledi.

Hüjümçi okunyň gutarandygyny, polisiýa tarapyndan atylyp öldürilmegini isländigini we diri ýagdaýda ele salynandygyny nygtady.



Degişli Habarlar