ABŞ Birleşen Arap Emirliklerine ýarag satar

ABŞ Birleşen Arap Emirliklerine 2 milliard dollarlyk ýarag satar

730801
ABŞ Birleşen Arap Emirliklerine  ýarag satar

 

ABŞ-nyň Goranmak we howpsyzlyk hyzmatdaşlygy gullugyndan berlen ýazmaça beýanatda Döwlet sekretarlygynyň Birleşen Arap Emirliklerine 2 milliard dollarlyk ýaragyň satylmagyna rugsat berýändigi nygtaldy.

Birleşen Arap Emirliklerine satyljak ýaraglaryň sanawynda 60 sany PAK-3 kysymly Patriot anti balistiki roketa bilen 100 sany GETM-T kysymly Taktiki balistiki roketanynyň öňüni alyjy enjamlar ýer alýar.

Beýanatda ýaraglaryň Pars aýlag ýurduna berilmeginden soň ýurduň howa we roketa hüjümlerine garşy has howpsyz ýagdaýa geljekdigi bellenildi.

 



Degişli Habarlar