ABŞ Yragy demokratiýa getirmek üçin dälde, Saddam Hüseýini agdarmak üçin basyp alypdyr

ABŞ-nyň ozalky Daşary işler ministri we ýurdyň ozalky Milli Howpsyzlyk maslahatçysy Kondoliza Raýs 2003-nji ýylda Yragy demokratiýa getirmek üçin dälde, Saddam Hüseýini agdarmak üçin basyp alandyklaryny boýun aldy

730914
ABŞ Yragy demokratiýa getirmek üçin dälde, Saddam Hüseýini agdarmak üçin basyp alypdyr

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Jorj Buş zamanynda Milli Howpsyzlyk maslahatçysy, ondan soň ýagny 2005-2009-njy ýyllar aralygynda bolsa ABŞ-nyň Daşary işler ministri wezipesinde işlän Kandaliza Raýs Brookings institutyndaky maslahatda eden çykyşynda 2003-ýyldaky Yragy we 2001-nji ýyldaky Owganystany basyp almaklarynyň sebäbiniň demokratiýany bu ýurtlara getirmek üçin däldigini mälim etdi.

“Biz Yragy demokratiýa getirmek üçin dälde, Saddam Hüseýini agdarmak üçin gitdik. Bu bir howpsyzlyk meselesidi” diýen Raýs “Men hiç haçan Buşyň harby güýji Yraga we Owganystana demokratiýa alyp gitmek üçin ulanandygyny aýtmandym” diýdi.



Degişli Habarlar