ABŞ-daky ýadro desgalarynyň biriniň tuneli çökdi

Amerikanyň Waşington ştatynyň Hanford şäherindäki ýadro desgasynyň aşagyndaky tunelleriň biri çökdi

729270
ABŞ-daky ýadro desgalarynyň biriniň tuneli çökdi

Sebitde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

Ýadro desgasynyň aşagyndaky tuneliň çökmeginden soň desgada işleýän käbir adamlar ol ýerden çykaryldy.

Işgärleriň käbirleri bolsa çäre görülmek maksady bilen ýadronyň täsirine garşy özlerini goramaklary islendi.

Waşingtonyň Ekologiýa edarasynyň metbugat geňeşçisi Randy Bradbury mesele bilen bagly beren beýanatynda hadysada hiç bir işgäriň ýaralanmandygyny we radiasiýa syzmasynyň ýokdygyny habar berdi.

Hanford şäherinde onlarça ýyl bäri ýadro ýarag üçin plutoniý öndürilýär.



Degişli Habarlar