Orta Afrika Respublikasynda 1 milliondan gowrak çaga howp astynda

UNICEF Orta Afrika Respublikasynda çaknyşyklar we durnuksyzlyk sebäpli 1 milliondan gowrak çaganyň howp astyndadygyny habar berdi

726681
Orta Afrika Respublikasynda 1 milliondan gowrak çaga howp astynda

UNICEF-iň metbugat geňeşçisi Kristof Boulierak BMG-nyň Ženewadaky ofisinde geçirilen metbugat ýygnagynda: “Orta Afrika Respublikasy çagalar we ynsanparwer kömek gulluyklarynyň işgärleri üçin iň kyn we howply ýurtlaryň biri” diýdi.

Boulierak dine mart aýynda ynsanperwer guramalarynyň wekilleriniň 14 aýry wakany başlaryndan geçirendigini belledi.

UNICEF-iň metbugat geňeşçisi Orta Afrika Respublikasynda takmynan 890 müň adamyň öýlerinden göçürilendigini we ýarysy çaga bolmak bilen 2,2 million adamyň gyssagly kömege mätäçdigini habar berdi.

Öýlerini terk eden adamlaryň 463 müňi Kamerun, Çad, Kongo Demokratik Respublikasy we Kongo ýaly ýurtlardadygyny aýdan Boulierak bularyň hem ýarysynyň çagandygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar