Eýranda Zemestan kömür käninde bolan partlamada 35 işçi ýogaldy
Kömür käninde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär
725498

Eýranyň demirgazygynda ýerleşýän Gülistan welaýatynyň Azerşehr şäherindäki Zemestan kömür käninde bolan partlamada 35 işçi ýogaldy.
Eýranyň Zähmet we Sosýal howpsyzlyk ministri Ali Rebii mesele hakynda beren beýanatynda “Gynansakda ýeriň aşagynda galan ähl işçiler ýogaldy” diýdi.
Kömür käninden häzire çenli 21 işçiniň jesediniň tapylandygy habar berildi.
Kömür käninde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.
Düýn günorta wagty bolan magdan heläkçiliginden soň berlen beýanatda ýeriň aşagyndaky 40-dan gowrak işçiden 6-synyň ýaraly ýagdaýda halas edilendigi habar berlipdi.
Degişli Habarlar

Amerikan hökümeti, adam pidalaryna sebäp bolan uçar heläkçiliginden soň ýüzlerçe adamy işden çykardy
Federal Awiasyýa gullugyndan 400-e golaý adamy işden çykaryldy.