Eýranda magdan käninde partlama boldy

Ýaralanan onlarça adam hassahana alynyp gidildi

725163
Eýranda magdan käninde partlama boldy

Eýranda magdan känleriniň birinde bolan partlamada 50-den gowrak adam ýeriň aşagynda galdy.

Ýaralanan onlarça adamyň hassahanada bejergi astyna alynandygy habar berildi.

Döwlet telewideniýesi köp sanda tiz kömek ulagynyň, dik uçaryň we halas ediji toparlaryň Gülistan welaýatynda ýerleşýän magda känine iberilendigini mälim etdi.

500-e golaý adamyň işleýän magdan känindäki partlamanyň näme sebäpli bolandygy entek bilinenok.

 



Degişli Habarlar