“Türkiýede asudalyk bolmasa, ählimiziň işimiz kyn bolar”

Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban Türkiýede asudalygy üpjün edýänleriň goldanmagynyň wajypdygyny belläp: “Türkiýede asudalyk bolmasa, ählimiziň işimiz kyn bolar” diýdi

721610
“Türkiýede asudalyk bolmasa, ählimiziň işimiz kyn bolar”

Wiktor Orban Ýewropa Parlamendiniň umumy geňeşinde eden çykyşyndan soň metbugat ýygnagyny geçirdi.

Metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap beren Orban Türkiýede 16-njy aprelde geçirilen referendumdan soň Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogana jaň edip gutlandygyny we Türkiýäniň asudalygynyň Ýewropa üçin wajypdygyny aýdandygyny habar berdi.

Ýewropanyň esasy maksatlarynyň biriniň Türkiýede asudalygyň bolmagydygyny aýdan Wiktor Orban: “Ýogsam ähli sebit ýangyna öwrüler we Ýewropanyň üstündäki basyşa çydam edip bolmaz. Şol sebäpli Erdoganyň asuda türk syýasatyny alyp barmagyna goldaw berýärin” diýdi.



Degişli Habarlar