Awstriýanyň Prezidenti başatgyja goldaw berdi

Awstriýanyň Prezidenti Aleksandr Wan Der Bellen başatgyja goldaw berdi

721034
Awstriýanyň Prezidenti başatgyja goldaw berdi

Wan Der Bellen ýurdynda jedelleşiklere sebäp bolan başatgyç bilen baglanşykly soraga jogap berip: "Zenanlar nähili geýinmek islese, şolar ýaly geýinmek olaryň hukugy. Diňe musulman zenanlar däl, eýsem ähli zenanlar başatgyç geýip biler. Eger bular ýaly dowam etse, yslamafobiýa ähli taraplaýyn ýaýbaňlansa bir gün dini sebäplerden başatgyç geýýän zenanlara goldaw bermek maksady bilen ähli zenanlara başatgyç geýmekleri barada çagyryş bermek ýagdaýyna gelip bileris" diýdi.

Wan Der Bellen soňky günlerde jedelleşiklere sebäp bolan iki raýatlyk babatynda bolsa hiç hili päsgelçiligiň ýokdygyny, iki raýatlygyň Awstriýa döwletine zeper ýetirjekdigini pikir etmeýändigini belledi.

 



Degişli Habarlar