ABŞ Russiýa serhedine F-35 kysymly uçarlary ýerleşdirýär

ABŞ F-35 uçarlaryny A, B we C seriýalarda öndürýär

720673
ABŞ Russiýa serhedine F-35 kysymly uçarlary ýerleşdirýär

ABŞ-nyň Harby howa güýçlerinden berilen ýazmaça beýanatda Britaniýanyň Lakenheath howa bazasyndan 2 sany F-35A Lightning II kysymly harby uçar bilen 20 sany işgäriň Estoniýanyň Amari howa bazasyna ýerleşdirilmek üçin iberilendigi habar berildi.

Döwrebap harby uçarlaryň Ýewropadaky ilkinji tälim uçuşlaryna gatnaşjakdygy mälim edilen beýanatda: “Howa bazasyna ýerleşdirilmek meselesi eýýäm ençeme wagt bäri gün teribindedi, häzirki meseleler bilen arabaglanşygy ýok we işler estoniýaly hyzmatdaşlarymyz bilen hyzmatdaşlyk içinde alynyp barylýar. ABŞ hyzmatdaşlaryny sebitiň parahatçylygyna we asudalygyna ähmiýet berýändigini görkezmek isleýär” diýilýär.

ABŞ F-35 uçarlaryny A, B we C seriýalarda öndürýär.

Aralarynda Türkiýe hem bolan 9 ýurdyň bilelikdäki konsorsiumy tarapyndan öndürilýän F-35 uçarlarynyň 2018-nji ýyla çenli degişli ýurtlara gowşurylmagyna, Türkiýäniň hem 107 sany F-35 kysymly harby uçar tabşyrygynyň ilkinji ikisiniň şu ýyl almagyna garaşylýar.


Etiketkalar: #ABŞ , #F-35 , #Estoniýa

Degişli Habarlar