Pakistanyň Paraçinar şäherinde partlama boldy

Wakda 9 adam ýogaldy

719861
Pakistanyň Paraçinar şäherinde partlama boldy

Pakistanyň Paraçinar şäherinde ýolyň gyrasyna goýulan bomba ýüklenen ulagyň partlamagy netijesinde 9 adam ýogaldy.

Ýogalanlaryň arasynda 1 zenan we 2 çaganyň bardygy bellendi.

Partlamada şeýle hem 13 adam ýaralandy.

Sebit eýýäm ençeme wagt bäri dini toparlaryň hüjümleri astynda.

 



Degişli Habarlar