Damaskdan we İdlibden halas edilenler boljak ýerlerine getirildi

Siriýanyn Damask we İdlib şäherlerinde hökümetiň we harby oppozisionerlerin gababy astyndaky ýerlerden halas edilen 3,700 adam boljak ýerlerine getirildi

718133
Damaskdan we İdlibden halas edilenler boljak ýerlerine getirildi

Paýtagtda hökümete degişli güýçleriň gabawy astyndaky Madaýa bilen demirgazygyndaky Bykkin etrapçasyndan, Zabadani bilen gündogaryndaky Jebel Şarki etrapçasyndan we Damaskyň demirgazyk günbataryndaky Aýn Al Fije etrapçasyndan öňňin ugran ulag kerweni günorta sagatlarynda İdlibe baryp ýetdi.

Ulag kerweniniň Türkiýe serhedindäki İdlib welaýatynda gurlan ýaşaýyş merkezine gelişi ýoldaky barlag nokatlarynda garaşdyrylmagy sebäpli giç galdy.

 

Hökümete degişli güýçleriň we oppozisionerleriň gazanan ylalaşygyna görä hökümet tussaghanalardaky 150 sanysy zenan 750 tussagyň günüň dowamynda boşadylmagyna garaşylýar.

Başga göçürlişikler üçin hökümet bilen oppozisiýanyň arasynda gepleşikler dowam edýär.



Degişli Habarlar