Mýanmada geçirilen Suw festiwalynda 285 adam ýogaldy

Mýanmada täze ýyl sebäpli ýurtda 4 gün dowam eden Thingýan Suw festiwalynda 285 adam ýogaldy, 1073 adam ýaralandy

715162
Mýanmada geçirilen Suw festiwalynda 285 adam ýogaldy

Ýerli metbugat gulluklarynda berilen habarlarda Mýanmada festiwal günlerinde edilen jenaýatlaryň we bolan ulag heläkçilikleriniň 1200-e ýetendigi, şol wakalaryň 285 adamyň ýogalmagyna, 1073 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolandygy mälim edilýär.

Habarlarda geçen ýyldaky festiwalda 967 jenaýadyň bolandygy we 272 adamyň ýogalandygyna ünsler çekilip, şu ýyl ýogalan adamlaryň sanynyň artandygy nygtalýar.



Degişli Habarlar