Gresiýada harby dik uçaryň ýere gaçmagy sebäpli 4 esger ýogaldy

Gresiýada harby dik uçaryň ýere gaçmagy sebäpli 4 esger ýogaldy, 1 esger bolsa ýaralandy

716463
Gresiýada harby dik uçaryň ýere gaçmagy sebäpli 4 esger ýogaldy

Gresiýanyň Baş ştaby dereksiz ýiten Hueý Uh-1H kysymly uçaryň ýurduň demirgazygyndaky Elassona sebitinde heläkçilige uçrandygyny mälim etdi.

Dik uçar heläkçiliginde 4 esgeriň ýogalandygy, 1 esgeriň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Goranmak ministri Panos Kammenos dik uçar heläkçiligi sebäpli ýurtda 3 günlük milli ýasyň yglan edilendigini mälim etdi.

 



Degişli Habarlar