Türkiýe bilen birlikde 18 ýurdyň raýatlary Russiýanyň Wladiwostok portyndan wizasyz girip biler

Russiýanyň Premýer ministri Dmitriý Medwedew Türkiýe bilen birlikde 18 ýurdyň raýatlarynyň Russiýanyň gündogarynda ýerleşýän Wladiwostok şäheriniň portyndan wizasyz girip bilmeklerini öz içine alýan kararnama gol çekdi

714736
Türkiýe bilen birlikde 18 ýurdyň raýatlary Russiýanyň Wladiwostok portyndan wizasyz girip biler

Russiýanyň hökümetinden berilen beýanata görä 18 ýurdyň raýatlary mundan beýläk Russiýanyň uzak gündogar sebitine barmaklary üçin wizadan azat ediler.

Aralarynda Türkiýe hem bolan 18 ýurdyň raýatlary internediň üsti bilen gerek bolan ýerleri dolduryp, Russiýa Wladiwostok portyndan wizasyz girip bilýärler.

Şol ýurtlaryň arasynda Türkiýe bilen birlikde Alžir, Bahreýn, Bruneý, Hindistan, Eýran, Katar, Hytaý, Demirgazyk Koreýa, Kuweýt, Marokko, Maksika, BAE, Oman, Saud Arabystany, Singapur, Tunis we Ýaponiýa ýaly ýurtlar bar.

 



Degişli Habarlar