Russiýa, ABŞ we BMG Ženewada Siriýa meselesini ara alyp maslahatlaşar

Russiýanyň, ABŞ-nyň we BMG-niň wekilleri Siriýa meselesinde pikir alyşmak üçin geljek hepde Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde duşuşarlar

714436
Russiýa, ABŞ we BMG Ženewada Siriýa meselesini ara alyp maslahatlaşar

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Bogdanow resmi Moskwanyň we Waşingtonyň wekilleriniň Siriýa meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Ženewada duşuşjakdygyny aýtdy.

Maslahata iki ýurduň diplomatlary bilen birlikde BMG-niň wekilleri hem gatnaşar.

Siriýa içerki urşuň ýedinji ýylynda Russiýanyň resmi Damaskyň esasy hemaýatkärlerinden biri bolmagynda galýar.

ABŞ bolsa oppozisionerleri goldaýar we Başar Asada oňyn garamaýar.

İki hepde ozal İdlibdäki himiki hüjümde çagalar bilen birlikde 100-e golaý adamyň pida bolmagyndan soň ABŞ Siriýany bombalapdy.

Waka sebäpli Amerika bilen Russiýanyň arasynda dartgynlyk emele gelipdi.

Russiýanyň Premýer ministri Dmitri Medwedew iki ýurduň urşuň bosagasyna barandygyny beýan edipdi.



Degişli Habarlar