ABŞ Siriýa ýaňadandan hüjüm gurap biler

Ak Tam tarapyndan beýanat berildi

709910
ABŞ Siriýa ýaňadandan hüjüm gurap biler

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Şon Spaýser Siriýa täze hüjümleriň guralyp bilinjekdigini habar berdi.

Spaýser gündelik metbugat ýygnagynda: “Eger bäbeklere himiki ýarag bilen, bigünä adamlara garşy bolsa barrel bombalary bilen hüjüm guraýan bolsaňyz, onda Prezidentden jogap alarsyňyz. ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky esasy meselesi DAIŞ-dir, emma Asadyň ýolbaşçylygynda asuda we howpsyz bir Siriýa göz öňümize getirip bilmeýäris” diýdi.

ABŞ-nyň Goranmak ministri James Mattis bolsa 6-njy aprelde Şaýrat howa bazasyna guralan hüjümde Asada bagly güýçleriň 20 göterim uçarynyň ýok edilendigini mälim etdi.

Mattis beren ýazmaça beýanatynda: “Prezident Donald Tramp geljekde himiki ýaraglaryň ulanylmagynyň öňüni almak mksady bilen we Asadyň halkara jemgyýete ýok edilendigi bellenen himiki ýaraglar bilen asuda ilaty öldürýärkä ABŞ-nyň sessiz galmajakdygyny görkezmek üçin bu buýrugy berdi” diýdi.

Beýanatda: “Şaýrat howa bazasy aglaba mümkinçiliklerinden mahrum galdy, bu ýerde uçuş meýdançalarynyň ulanylyp bilinmeginiň harby taýdan möhüm däl” diýdi.

Mattis Siriýanyň hökümediniň ýende himiki ýarag ulanylmagynyň akmak bir hereket boljakdygyny nygtady.



Degişli Habarlar